Galla Ýüklenen Ilkinji Gämi Odessa Portundan Ugrady

Ilkinji gämi Türkiýe wagty bilen 08.30.da ugrady.

1861768
Galla Ýüklenen Ilkinji Gämi Odessa Portundan Ugrady

Ukrainanyň Odessa portundan galla ýüklenen ilkinji gämi Türkiýe wagty bilen 08.30.da ugrady.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň ministrler we degişli taraplar bilen geçiren gepleşikleri we Stambulda Bilelikdäki Utagşdyryjy merkeziň eden tagallasy netijesinde, galla ýüklenen ilkinji gäminiň sagat 08.30.da Odessa portuundan ugramagy meselesinde ylalaşyk gazanylandygy nygtaldy.

Beýannamada, mekgejöwen ýüklenen Razoni atly gäminiň Liwana gitjekdigi bellenildi.

Beýannamada, “2022-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkiýäniň, Russiýanyň, Ukrainanyň we BMG-nyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda, beýleki gämileriň hem kesgitlenen koridorda galla daşamagy meýilleşdirilýär” diýildi.

 


Etiketkalar: #Ukraina , #galla , #mekgejöwen , #Odessa

Degişli Habarlar