Blinken Bilen Lawrow Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Blinken, rus hüjümlerine garşy Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdiklerine ünsi çekdi.

1861483
Blinken Bilen Lawrow Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Russiýa-Ukraina söweşiniň başlan gününden bäri şu gün ilkinji gezek Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýtdy.

Telefon söhbetdeşliginiň içgin ýagdaýda geçendigini nygtan Blinken “Britni Griner bilen Pol Uilanyň boşadylmagy üçin hödürlän tekliplerimizi kabul etmeklerini nygtadym” diýdi.

Blinken, telefon söhbetdeşliginde, Russiýanyň ukrain gallasynyň eksport edilmegi üçin beren wadasynda durmalydygyna ünsi çekendigini belledi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken “Ukrainadaky ilçimiz Brink şu gün irden Odessa portuna baryp gördi. Gallalaryň gämilere ýüklenendigini we eksporta taýardygyny tassyyklady. Russiýanyň bu meseledäki tutumy bütin dünýä üçin diýseň möhüm” diýdi.

Blinken, rus hüjümlerine garşy Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdiklerine ünsi çekdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem Blinken bilen Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar we galla krizisi hakynda pikir alyşandyklaryny belledi.



Degişli Habarlar