ABŞ, Germaniýa 35 Sany F-35 Uçaryny Satar

“Döwlet sekretarlygy Germaniýa gymmaty 8,4 milliard dollar bolan F-35 harby uçarynyň satylmagyny tassyklady”

1861087
ABŞ, Germaniýa 35 Sany F-35 Uçaryny Satar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy, Germaniýa 35 sany F-35 uçarynyň satylmagyny tassyklady.

ABŞ tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, “Döwlet sekretarlygy Germaniýa gymmaty 8,4 milliard dollar bolan F-35 harby uçarynyň satylmagyny tassyklady” diýildi.

Karara laýyklykda ABŞ tarapyndan Germaniýa 35 sany F-35 uçary bilen birlikde uçaryň degişli enjamlarys atylar.

ABŞ-nyň, Germaniýanyň Ukraina döwrebap raketa goranyş ulgamlaryny bermegi kabul etmeginden soň şeýle karar kabul etmegi ünsleri özüne çekdi.

Nemes hökümeti mart aýynda ABŞ-dan Tornado uçarlarynyň ýerine 35 sany F-35 harby uçaryny aljakdygyny mälim edipdi.


Etiketkalar: #Germaniýa , #harby uçar , #F-35 , #ABŞ

Degişli Habarlar