Bolgariýa ABŞ-dan F-16 Harby Uçarlaryny Alar

Bu barasynda Bolgariýanyň Goranmak ministri Dragomir Zakow beýannama berdi.

1859920
Bolgariýa ABŞ-dan F-16 Harby Uçarlaryny Alar

Bolgariýanyň Goranmak ministri Zakow mejlisiň Goranyş komissiýasynyň agzalarynyň öňünde eden çykyşynda Amerikan ýarag öndürijisi “Luked Martinden” 8 sany F-16 Blok 70 kysymly uçar almak üçin teklipleriň alynandygyny aýtdy.

Ýurduň howa giňişliginiň howpsuzlygyny üpjün etjek täze uçarlaryň ozalky rus Mig-29 kysymly uçarlardan ybarat bolan howa güýçleriniň flotuny çalyşmagyna garaşylýar.

Mejlisiň tassyklamagy bilen 8 sany F-16 uçaryny 1 milliard 673 milliard dollara nagt alandyklaryny aýdan Zakow, täze uçarlar üçin 1 milliard 32 million dollar teklibiň alynandygyny nygtadyu. Ministr şol mukdaryň töleginiň bolsa 9 ýyl möhlet bilen geçiriljekdigini beýan etdi.

Zakow, satynan alynan ilkinji uçarlaryň öndürijiniň beýan eden sebäpleri boýunça 2015-nji ýylda kabul edilip alynmagyna garaşylýandygyny nygtap, gijä galma sebäpli ABŞ-nyň Bolgariýa 35 million dollar puşmana töleg tölejekdigini aýtdy.

Zakow F-16-lar 2025-nji ýylyň mart aýyna çenli gowşurylmasa, 8 uçaryň töleginiň yza süýşüriljekdigini beýan etdi.

 



Degişli Habarlar