Terrorçylaryň Mare Etrabyna Girmeginiň Öňü Alyndy

Harby oppozisionerler terrorçylaryň etraba girmegini bökdedi.

1859086
Terrorçylaryň Mare Etrabyna Girmeginiň Öňü Alyndy

Ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Mare etrabyna girmeginiň öňü alyndy.

Türkiýe serhedinden 18 kilometr alysda ýerleşýän Tel Rifat etrabyny 6 ýyldan gowrak wagt bäri basyp alyşlyk astynda tutýan ÝPG/PKK-ly terrçylar, ertiriň irki sagatlarynda Halap welaýatynyň demirgazygynda harby oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Mare etrabyna girmäge synanşdy.

Azat Siriýa goşuny bilen terrorçylaryň arasynda Tel Rifadyň gündogaryndaky Şyh İsa we Harbul obalarynda çaknyşyk boldy.

Harby oppozisionerler terrorçylaryň etraba girmegini bökdedi.

Çaknyşykda uly ýitgi çeken ÝPG/PKK-ly terrorçylar yza çekilmeli boldy.

ÝPG/PKK-ly terrorçylar, Russiýanyň howadan goldaw bermegi netijesinde 2016-njy ýylyň fewral aýynda Tel Rifady we töweregindäki käbir etrapçalary ele geçiripdi.

 



Degişli Habarlar