Eýranyň Prezidenti russiýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi bilen Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

1857013
Eýranyň Prezidenti russiýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Eýranyň Prezidentligi tarapyndan berilen beýanatda, Türkiýe-Russiýa-Eýran döwletleriniň arasynda paýtagt Tähran şäherinde geçirilen "Astana formatyndaky Üçtaraplaýyn maslahata" gatnaşmak maksady bilen Eýrana baran Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň eýranly kärdeşi Ebrahim Raisi bilen duşuşyk geçirendigi habar berildi.

Berilen beýanatda geçirilen duşuşykda energetika, tranzit we söwda gatnaşyklary bilen birlikde ençeme ugur boýunça hyzmatdaşlygyň has hem giňeldilmek mümkinçilikleriniň ele alynandygy mälim edildi. 

Eýranyň we rus liderleriň duşuşykda şeýle hem sebitleýin meseleleri maslahatlaşandyklary aýan edildi. 

Beýleki tarapdan Eýranyň Döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, Wladimir Putin Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý bilen duşuşyk geçirdi. 



Degişli Habarlar