Zelenskiý: "Russiýanyň raketalary jebisligimizi bozup bilmez" diýdi

Ukrainanyň Döwley baştutany Wladimir Zelenskiý, ukrainalylaryň birliginiň we jebisliginiň bozulyp bilinmejekdigini belläp: "Russiýanyň raketalary we toplary jebisligimizi bozup we biziň ýolumyzdan dändirip bilmez" diýip nygtady

1855872
Zelenskiý: "Russiýanyň raketalary jebisligimizi bozup bilmez" diýdi

Düýn gije halka ýüzlenip eden çykyşynda, 32 ýyl ozal Ukrainanyň Döwlet Özygtyýarlylyk jarnamasynyň tassyklanandygyny ýatladan Zelenskiý: "Ol ençeme ýyl soň, halkymyzyň garaşsyz ýagdaýda ýaşamak hukugyny tassyklaýan ilkinji resminamady. Garaşsyz we demokratik ýagdaýda. Russiýanyň raketalary we toplary jebisligimizi bozup we bizi ýolumyzdan dändirip bilmejekdigi açyk-aýdyňdyr. Ukrainanyň jebisliginiň ýalanlar ýa-da töhmetler, galp maglumatlar ýa-da dildüwşük teoriýalary bilen bozulmajakdygy hem şolar ýaly derejede açyk bolmalydyr" diýip habar berdi. 

Ukrainanyň halkynyň we goşunynyň Russiýanyň hüjümlerine garşy direnýändigini we 24-nji fewraldan soň basylyp alynan sebitleriň bir böleginiň yzyna alynandygyny aýdan Ukrainanyň lideri: "Döwletimiziň häzirki wagtda basyp alyşlyk astyndaky beýleki sebitlerini hem ýuwaş-ýuwaşdan azat ederis. Şular ýaly söweş dowam edýärkä Ýewropa Bileleşigine dalaşgär ýurt statusyny hem alyp bildik. Döwlet edaralarynyň durnuklylygyny üpjün etdik. Döwletiň düzümindäki ähli logistiki tapgyrlar, harby we ykdysady taýdan täzeden abatlandy. Iň möhüm zat bolsa çaknyşyklaryň we gapma-garşyşylyklaryň hötdesinden gelip jebisligimizi goraýarys" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar