Kolumbiýada bolan ýer süýşgüninde 3 çaga ýogaldy

Düýn şäheriň başga bir ýerinde bolan ýer süýşgüninde bolsa 2 adamyň ýogalandygy mälim edilipdi

1855558
Kolumbiýada bolan ýer süýşgüninde 3 çaga ýogaldy

Demirgazyk we günbatar sebitlerinde aşa ýagýan ýagyşlaryň dowam edýän Kolumbiýanyň Medellin şäherinde, ýer süýşgüni bolan başlangyç synp mekdebinde 3 çaga ýogaldy. 

Medellin şäheriniň merkezine 3 km uzaklykdaky La Lejia obasynyň başlangyç synp mekdebiniň ýerleşýän sebitde, düýn ýer süşgüni başdan geçirildi. 

Arakesmede mekdebiň çaýhanasynda oturan 20 çaga, dagdan gaýdan topragyň aşagynda galdylar. Çagalaryň aglabasy ýaralanmadan halas bolan hem bolsa, 6 ýaşyndaky 3 çaga wakada ýogaldy. 

Resmiler topragyň aşagyndan çykarylan 2 çaganyň hassahanadaky bejergileriniň bolsa dowam edýändigini habar berdiler. 

Düýn şäheriň başga bir ýerinde bolan ýer süýşgüninde bolsa 2 adamyň ýogalandygy mälim edilipdi. 


Etiketkalar: #mekdep , #çaga , #Kolumbiýa

Degişli Habarlar