Ekwadorda 6 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Günorta Amerika materiginde ýerleşýän Ekwador döwletinde 6 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1855524
Ekwadorda 6 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Ekwadoryň Milli Howpy azaltmak sekretarlygy 57 km çuňlukda emele gelen ýer titremäniň güýç merkezini, ýurdyň demirgazyk-günbataryndaky Guaýas şäherinden 19 km alysda bolandygyny habar berdi.

Ýer titremäniň ýurduň Piçinça, Manabi, Esmeralda, Kotopaksi, Çimboraso we Loha şäherlerinde hem duýulandygy mälim edildi. 

Ýer titremede adam pidalarynyň ýa-da ýaralanmalaryň bolup-bolmandygy barada entek maglumat berilmedi. 

Ekwador döwletinde 2016-njy ýylyň 16-nji we 20-nji aprelinde 7,8 we 6,1 bal ululyklarynda bolan 2 aýry ýer titremede takmynan 700 adam ýogalypdy. 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Ekwador

Degişli Habarlar