Gresiýada Tokaý Ýangynlaryna Garşy Göreşýän Dikuçar Heläkçilige Uçrady

Dikuçaryň heläkçilige uçramagy sebäpli 2 adam ýogaldy.

1855115
Gresiýada Tokaý Ýangynlaryna Garşy Göreşýän Dikuçar Heläkçilige Uçrady
sisam yangin.jpg
yangin sondurme helikopteri.jpg

Gresiýanyň Sisam Adasynda ýangyn söndüriş işlerine howadan goldaw berýän dikuçaryň heläkçilige uçramagy sebäpli 2 adam ýogaldy.

Gresiýanyň ERT telewideniýesiniň berýän habaryna görä, Sisam adasynyň Palaiohori sebitinde bolan tokaý ýangynynyň söndüriş işlerine goldaw berýän dikuçarda 4 adam bardy.

Gresiýanyň tomus aýlarynda artan tokaý ýangynlaryna garşy göreş üçin kireýine alan “Mi-8” kysymly dikuçary Agioy Minanyň golaýynda deňize gaçdy.

Dikuçarda biri ruminiýaly, ikisi moldowaly we biri gresiýaly jemi 4 adam bardy.

Sisam adasyndaky tokaý ýangynlary sebäpli Limniona we Palaiohori obalarynyň ýaşaýjylarynyň howpsyz ýere göçürlendigi bellenildi.

 

 

 



Degişli Habarlar