Russiýanyň Ukrainada ele geçiren ýerlerinde rus bilim ulgamyna geçiler

Russiýanyň Ukrainada basyp alan ýerleri bolan Herson, Zaparožýe we Mariupol şäherlerinde rus bilim ulgamyna geçilýär

1854210
Russiýanyň Ukrainada ele geçiren ýerlerinde rus bilim ulgamyna geçiler

Russiýanyň Bilim ministri Sergeý Krawtsow şu gün basylyp alynan Ukrainanyň Zaparožýe sebitindäki Melitopol şäherine sapar gurap, möhüm beýanatlar berdi. 

Russiýanyň Ukrainada basyp alan şäherlerinde okuwçylaryň rus bilim meýilnamasyna görä bilim aljakdygyny, emma ukrainaly okuwçylaryň ukrain dilinde hem bilim alyp biljekdiklerini aýdan Krawtsow: "Ukrain dilini hiç kim gadagan etmez. Ukraina ene dil hökmünde galmaga dowam eder. Ukrain dilinde bilim almak isleýän çagalar üçin belli bir wagt aýrylar. Ozal hem ençeme gezek aýdyp geçdik. Doganlyk halklaryň arasynda ençeme umumy dil bar. Kökümiz bir. Ukrain dili örän baý dil. Şol sebäpli çürt kesik gadagan edilmez" diýdi. 

Ele salynan şäherlerde bilim alýan okuwçylaryň rus diplomyny aljakdygyny aýdan Krawtsow: "Azat edilen ýerlerdäki mekdeplerde we koležlerde Rus döwletiniň diplomlary beriler" diýip belledi. 

Ozal bolsa Russiýanyň Ukrainada basyp alan şäherlerinde Russiýanyň goşuny tarapyndan Rus telewideniýe we radio desgalary gurulypdy. 



Degişli Habarlar