Eýranda Howanyň Hapalanmagy Sebäpli Döwlet Edaralarynyň Işi Bes Edildi

Eýranda howanyň hapalanmagy sebäpli 62 adam bejergi alýan bolsa, käbir okuw jaýlarynyň we döwlet edaralarynyň işi bes edildi.

1851958
Eýranda Howanyň Hapalanmagy Sebäpli Döwlet Edaralarynyň Işi Bes Edildi

Eýranyň döwlet teleýaýlymynyň habar bermegine görä ýurduň günbatary Yrak tarapyndan ösýän ýel bilen gelen tozan gatlagy sebäpli howanyň hapalanmagyna garşy göreşýär.

Howanyň hapalanmagy sebäpli Huzistan we Ýezd welaýatlarynyň ýany bilen Yspyhan welaýatynyň 16 şäherinde döwlet edaralarynyň we okuw jaýlarynyň işi bes edildi.

Huzistanyň Ahwaz şäheriniň Lukmançylyk uniwersitetiniň beýan etmegine gröä howanyň hapalygy sebäpli dem almakda kynçylyk çekýän 500 adamdan 62 sanysy bejergi alýar.



Degişli Habarlar