Marin: Türkiýäniň Finlýandiýa we Şwesiýa Bilen Meseleleri Çözjekdigine Ynanýaryn

Finlýandiýanyň Premýer-ministri Sanna Marin Türkiýäniň ýurdy bilen Şwesiýanyň NATO agzalygyna garşy durmagyna sebäp bolýan meseläniň NATO-nyň sammitinden ozal çözüljekdigine ynanýandygyny aýtdy.

1846576
Marin: Türkiýäniň Finlýandiýa we Şwesiýa Bilen Meseleleri Çözjekdigine Ynanýaryn

Sanna Marin resmi sapar bilen Horwatiýa guraýan saparynyň dowamynda paýtagt Zagrepde horwat kärdeşi Andreý Plenkowij bilen duşuşdy.

Duşuşykdan soň beýannama beren Marin, NATO-nyň agzybir hereket etmelidigini beýan edip, Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň uzak möhletde NATO uly goşant goşjakdygyny aýtdy.

Marin NATO agzalygyna Türkiýäniň garşy durmagy boýunça dowam edýän düşnüşmezligiň NATO-nyň üstümizdäki aýyň 29-30-y aralygynda İspaniýanyň paýtagty Madritde geçiriljek sammitinde çözüljekdigine ynanýandygyny beýan edip, çözgüdiň NATO-nyň açyk gapylar syýasaty bilen tapyljakdygyny pikir edýändigini nygtady.

Plenkowij bolsa ýurdunyň NATO agzalygy boýunça Finlýandiýany goldaýandygyna ünsi çekip; “Finlýandiýanyň NATO agza bolmak hakyndaky kararyna sarpa goýýarys. NATO-nyň howpsuzlyk saýawanyndan Finlýandiýa we Şwesiýa hem peýdalanmak isleýär. Horwatiýa NATO-nyň döwrebap dünýäde eýe bolan ähmiýetine düşünýär. Finlýandiýanyň Russiýa bilen serhedi bar” diýdi.

Premýer-ministrler aýratynam Ukrainanyň ÝB-ne dalaşgärlik derejesiniň berilmegi boýunça ylalaşýandyklaryny beýan etdiler.

Horwatiýanyň Prezidenti Zoran Milanowiç bilen hem duşuşan Marin, Alnaniýa we Demirgazyk Makedoniýa sapar edipdi.

 



Degişli Habarlar