Nigeriýada Iki Buthana Ýaragly Hüjüm Guraldy

Nigeriýada soňky gezek 5-nji iýunda buthana guralan hüjümde 40 adam ýogalypdy.

1845564
Nigeriýada Iki Buthana Ýaragly Hüjüm Guraldy

Nigeriýanyň Kaduna welaýatynda 2 buthana guralan ýaragly hüjümde 3 adam ýogaldy, köp sanly adam hem zamun alyndy.

Howpsyzlyk güýçlerinden berlen ýazmaça beýannamada, motosikletli ýaragly adamlaryň Kažuru etrapçasynda iki buthana ýaragly hüjüm gurandygy nygtaldy.

Hüjümde 3 adamyň ýogalandygy, köp sanly adamyň hem zamun alynandygy bellenildi.

Beýannamada, sebite goşmaça howpsyzlyk güýçleriniň ornaşdyrlandygy we waka hakynda derňew işiniň gozgalandygy nygtaldy.

Nigeriýada soňky gezek 5-nji iýunda buthana guralan hüjümde 40 adam ýogalypdy.

 



Degişli Habarlar