Türkiýäniň, Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň arasyndaky NATO bilen bagly gepleşikler ertir dowam eder
Türkiýäniň, Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň arasyndaky NATO bilen bagly gepleşikler ertir dowam eder
Finlýandiýanyň Prezident Diwanynyň Twitter hasabyndan berilen beýanatda, Finlýandiýanyň, Şwesiýanyň we Türkiýäniň arasynda resmi derejedäki gepleşikleriň ertir Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde dowam etjekdigi habar berildi.
Şwesiýanyň resmi habarlar agentligi TT-e beýanat beren NATO-nyň wekili, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň çakylygyna laýyklykda Brýusseldäki ştabda NATO-nyň ýokary derejeli resmileri bilen, Türkiýäniň, Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň ýokary derejeli wekilleriniň ertir gepleşikler geçirjekdigini mälim etdi.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.