Paşinýan: “Türkiýe Bilen Dialog Tapgyry Netijeli”

Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Türkiýe bilen ýurdunyň gatnaşyklarynyň kadalaşma tapgyryndaky dialogyň netijeli dowam edýändigini aýtdy.

1844423
Paşinýan: “Türkiýe Bilen Dialog Tapgyry Netijeli”

Paşinýan gatnaşyklaryň kadalaşma tapgyrynda ýetilen sepgit hakynda “Al Jazira” teleýaýlyma interwýu berdi.

“Ankara bilen Ýerewanyň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmagyň ýoly näme” diýlen soraga jogap beren Paşinýan, iki ýurduň arasynda ýörite wekiller araly dialog başladandyklaryny ýatladyp; “Dialog iňňän netijeli, anyk netijeleri aljakdygymyzy tama edýärin” diýdi.

Nikol Paşinýan ýurdunyň Azerbaýjan bilen gatnaşyklary hakynda-da durup geçdi.

Iki ýurduň arasynda serhet toparyny döredendiklerini aýdan Paşinýan; “Halkara hyzmatdaşlarymyzyň goldaw bermeginde we gönüden alyp barýan işlerimiziň netijesinde serhetlerimizi kesgitläris” diýdi.

 



Degişli Habarlar