Eýran-Yrak Söweşinden Galan Mina Ýaryldy

Eýran-Yrak söweşinden galan minanyň ýarylmagy sebäpli bir ofiser ýogaldy.

1843263
Eýran-Yrak Söweşinden Galan Mina Ýaryldy

Eýranyň Günbatar Azerbaýjan welaýatynyň Serdeşt şäheriniň golaýynda Eýran-Yrak söweşinden galan minanyň ýarylmagy sebäpli bir ofiser ýogaldy.

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän habarynda görä, Serdeşt şäherinde Eýran-Yrak söweşinden galan mina ýaryldy, wakada 1 ofiser ýogaldy.

Eýran bilen Yragyň arasynda 1980-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda başlan söweş iki tarap hem kabul edendigi sebäpli BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 598 belgili kararyna laýyklykda 1988-nji ýylyň 20-njy awgustynda bes edilipdi.

Söweş ýyllarynda goýlan minalaryň henizem iki ýurtdan hem birnäçe adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolýar.

 


Etiketkalar: #ofiser , #minara , #Yrak , #Eýran

Degişli Habarlar