Eýranda Ynkylap goragçylary goşunyndan iki adam ýogaldy

Eýranda Ynkylap Goragçylary goşunynyň Harby-kosmos güýçlerinden 2 harby ýogaldy

1842102
Eýranda Ynkylap goragçylary goşunyndan iki adam ýogaldy

Ynkylap Goragçylary goşunynyň Merkezi welaýatynyň Jemgyýetçilik gatnaşyklary bölüminden mesele bilen bagly ýazmaça beýanat berildi. 

Beýanatda: "Ynkylap Goragçylary goşunynyň Harby-kosmos güýçlerinde işleýän harby işgärimiz Ali Kemani bilen raýat işgärimiz Muhammed Abdus ýogaldy" diýip habar berildi. 

Çini aýan edilmedik harby işgär Ali Kemaniniň Merkezi welaýata degişli Humeýn etrabynda bolan ulag heläkçiliginde ýogalandygy, Simnan welaýatynda ýogalan raýat işgäri Muhammed Abdusyň bolsa näme sebäpli ýogalandygy barada bolsa entek maglumat berilmedi. 

Eýranda soňky wagtlar ýygy-ýygydan Ynkylap Goragçylary goşunynyň serkerdeleriniň janyna kast edilýär. Resmi Tähran şol jenaýatlaryň jogapkäriniň Ysraýyldygyny beýan edýär. 



Degişli Habarlar