Dominikan Respublikasynda ministrleriň biri ýaragly hüjümde öldürildi

Dominikan Respublikasynyň Daşky gurşaw we tebigy çeşmeler ministri Orlando Jorje Mera, ýakyn dosty tarapyndan atylyp öldürildi

1838839
Dominikan Respublikasynda ministrleriň biri ýaragly hüjümde öldürildi

Ýurduň Döwlet baştutanynyň ofisi, Daşky gurşaw we tebigy çeşmeler ministri Orlando Jorje Merany öldüren Migel Kruzyň göz tussaglygyna alynandygyny habar berdi. 

Ýurduň paýtagty Santo-Domingo şäherinde ýerleşýän ministrligiň binasyna polisiýa işgärleri gönükdirildi, Syýahatçylyk ministrligiň hem ýerleşýän bina howpsuzlyk astyna alyndy. 

Şaýatlar hüjümde 7 gezek atylandygyny eşidendiklerini, hüjüm guralanyndan soň ministrlikdäki işgärleriň gaçandyklaryny beýan etdiler. 

Şol bir wagtda aklawçy bolan Mera, Döwrebap ynkylap partiýasynyň esaslandyryjy agzasydy we 2020-nji ýylyň awgust aýynda Daşky gurşaw we tebigy çeşmeler ministri hökmünde bellenipdi. 



Degişli Habarlar