Daniýa Ukraina Harby Enjam Kömegini Berdi

Daniýa, Ukraina 290 million dollarlyk ýarag we harby enjam kömegini berdi

1835068
Daniýa Ukraina Harby Enjam Kömegini Berdi

Daniýa, Ukraina 2 milliard kronlyk ýagny 290 million dollarlyk harby enjam kömegini berdi.

Daniýanyň döwlet telewideniýesi DR-niň berýän habaryna görä, Goranmak ministri Morten Bodskow, Ukraina 290 million dollarlyk ýarag we harby enjam kömegini berendiklerini mälim etdi.

Şwesiýa hem Ukraina täze harby enjam kömegini berjekdigini habar berdi.

Şwesiýa ozal hem Ukraina 50 million dollarlyk pul kömegi bilen birlikde ýarag, harby enjam we azyk kömegini beripdi.

 



Degişli Habarlar