Zelenskiý Harkowa Bardy

“Gahrymanlarça söweşýändigiňiz üçin size sag bolsun aýdýaryn. Ukrainanyň garaşsyzlygyny goraýandygyňyz üçin size sag bolsun aýdýaryn”

1834462
Zelenskiý Harkowa Bardy

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň 24-nji fewralda ýurduna garşy başladan söweşinden bäri ilkinji gezek Harkow şäherine bardy.

Mesele hakynda berlen beýannamada, Zelenskiniň Harkowa guran saparynyň çäginde Ukrain goşunlarynyň harby pozisiýalaryna baryp görendigi nygtaldy.

Beýannamada, Zelenskiniň, Russiýa bilen dowam edýän söweş hakynda harby ýolbaşçylardan maglumat alandygy we gahrymanlarça söweşýän esgerleri döwlet nyşany bilen sylaglandyrandygy bellenildi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý “Gahrymanlarça söweşýändigiňiz üçin size sag bolsun aýdýaryn. Ukrainanyň garaşsyzlygyny goraýandygyňyz üçin size sag bolsun aýdýaryn” diýdi.

Harkow şäherindäki çaknyşyklar sebäpli ýykylan ýaşaýyş jaýlary hakynda maglumat alan Zelenskiý, harby ýolbaşçylar bilen maslahat geçirdi.

 



Degişli Habarlar