NATO 7 Müň Esgeriň Gatnaşmagynda Harby Türgenleşik Geçirer

BALTOPS22 deňiz türgenleşiginiň 51-njisi iýun aýynyň 5-17-si aralygynda geçirler.

1834504
NATO 7 Müň Esgeriň Gatnaşmagynda Harby Türgenleşik Geçirer

NATO gurama agza ýurtlardan onlarça gäminiň, harby uçaryň we 7 müň esgeriň gatnaşmagynda Baltika deňizinde harby türgenleşik geçirmäge taýarlanýar.

NATO tarapyndan berlen beýannama görä, Baltika operasiýalary BALTOPS22 deňiz türgenleşiginiň 51-njisi iýun aýynyň 5-17-si aralygynda geçirler.

Türgenleşige, Türkiýe bilen birlikde, Belgiýa, Bolgariýa, Daniýa, Estoniýa, Finlýandiýa, Fransiýa, Germaniýa, Latwiýa, Litwa, Gollandiýa, Norwegiýa, Polşa, Şwesiýa, Britaniýa we ABŞ gatnaşar.

Türgenleşige 45 gämi, azyndan 75 uçar we 7 müň esger gatnaşar.

Ilkinji gezek 1972-nji ýylda geçirlen we her ýyl yzygiderli ýagdaýda geçirilýän BALTOPS22 türgenleşigine şu ýyl Şwesiýa ýer eýeçiligini eder.



Degişli Habarlar