Ýaponiýada ýer titremesi boldy

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Ibaraki welaýatynyň suw giňişliginde 5,4 bal ululygynda ýer titreme boldy

1834261
Ýaponiýada ýer titremesi boldy

Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýuwaş okeanyň kenaryndaky Ibaraki welaýatynyň suw giňişliginde ýerli wagt bilen sagat 15:55-de 5,4 bal ululygynda ýer titreme boldy. 

Agentlik ýer titremäniň ýeriň 50 km aşagynda emele gelendigini habar berdi. 

Ýer titremeden soň uly tolkunlaryň boljakdygy barada duýduryş berilmedi. 

Ýer titremäniň Ibaraki welaýatyna goňşy bolan Fukusima welaýaty bilen Toçigi, Gunma we Çiba sebitlerinde hem duýulandygy mälim edildi. 

Ibaraki welaýatyndaky "Tokai 2" ýadro bekedinde kadadan daşary ýagdaýyň başdan geçirilmändigi beýan edildi. 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Ýaponiýa

Degişli Habarlar