20 Ýurt Ukraina Ýarag Kömegini Berer

“Ukraina beriljek goşmaça kömeklere hoşallyk bildirýäris"

1831233
20 Ýurt Ukraina Ýarag Kömegini Berer

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin, 20 ýurduň Ukraina täze ýarag kömegini berjekdigini habar berdi.

Lloýd Ostin bilen ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy goşun generaly Mark Milleý, 47 ýurduň harby ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirlen Ukraina maslahatyna gatnaşdy.

Ostin bilen Milleý wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirlen maslahatdan soň metbugata beýannama berdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministri Ostin bu maslahata Awstriýanyň, Bosniýa-Gersegowinanyň, Kosowanyň, Kolumbiýanyň we Irlandiýanyň hem gatnaşandygyny aýtdy.

Maslahatda Ukraina beriljek kömek meselesinde kararyň kabul edilendigini aýdan Ostin “Ukraina beriljek goşmaça kömeklere hoşallyk bildirýäris. 20 ýurt Ukraina täze ýarag kömegini berjekdigini mälim etdi. Birnäçe ýurt Ukraina goranyş ulgamlary, tank we sowutly ulaglar ýaly harby enjam kömegini berýär” diýdi.



Degişli Habarlar