Eýranda 5,5 bal ululygynda ýer titreme boldy

Eýranyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Sistan-Bulujystan welaýatynda 5,5 bal ululygynda ýer titreme boldy

1830875
Eýranda 5,5 bal ululygynda ýer titreme boldy

Tähran uniwersitediniň Seýismologiýa merkezinden berilen beýanata görä, güýç merkezi Sistan-Bulujystan welaýatynyň paýtagty Zahidan şäheriniň Serjengel diýilýän ýerinde bolan ýer titreme, ýerli wagt bilen sagat 12:06-da bellige alyndy. 

Ýer titremäniň ýeriň 16 km aşagynda emele gelendigi mälim edildi. 

Sistan-Bulujystan welaýatynyň Krizis dolanşyk ofisiniň Müdüri Ali Ryza Şehreki, 5,5 bal ululygyndaky ýer titremäniň ýetiren zyýanynyň anyklanmagy üçin sebite toparlaryň gönükdirilendigini aýan etdi. 

Ýer titreme Sistan-Bulujystan welaýatynyň paýtagty Zahidan şäherinde hem duýuldy. 



Degişli Habarlar