Ukrainanyň Baş Ştaby Rus goşunynyň söweşdäki harby ýitgileri barada maglumat berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-19-nji maý aralygynda çeken harby ýitgileri barada maglumat berdi

1829335
Ukrainanyň Baş Ştaby Rus goşunynyň söweşdäki harby ýitgileri barada maglumat berdi
ukrayna rusya'nin kaybi.jpg

Ukraina garşy söweş başladan Russiýa soňky 24 sagatda ýene-de 200 esgerinden mahrum boldy.  

Berilen maglumatlara laýyklykda Ukraina garşy hüjüm başladan Russiýanyň goşunyndan 28 müň 500 esger öldürildi, ruslara degişli 203 uçar, 167 dikuçar, 1254 taňk, 3 müň 63 sowutly ulag, 595 top, 199 raketa ulgamy we 93 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy. 

Russiýanyň goşuny şeýle hem 2 müň 157 ulagyny, 13 gämi we ýokary tizlikli katerini we 455 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. Beýanatda şeýle hem ruslaryň atan 103 ganatly raketasynyň Ukrainanyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.  

Russiýanyň Goranmak ministrliginden 25-nji martda berilen beýanatda, Ukrainada 1351 rus esgeriniň ýogalandygy habar berilipdi.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 

 



Degişli Habarlar