Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň ýurtdaky harby ýitgileri barada beýannama berdi

Ukrainanyň Baş Ştaby Rus goşunynyň 26 müň 350 esgerini, 199 uçaryny, 160 dikuçaryny we 1187 taňkyny ýitirendigini habar berdi

1825254
Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň ýurtdaky harby ýitgileri barada beýannama berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-11-nji maý aralygynda çeken harby ýitgileri barada maglumat berdi.

Ukraina garşy söweş başladan Russiýa soňky 24 sagatda ýene-de 350 esgerinden mahrum boldy.  

Berilen maglumatlara laýyklykda Ukraina garşy hüjüm başladan Russiýanyň goşunyndan 26 müň 350 esger öldürildi, ruslara degişli 199 uçar, 160 dikuçar, 1187 taňk, 2 müň 856 sowutly ulag, 528 top, 185 raketa ulgamy we 87 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy. 

Russiýanyň goşuny şeýle hem 1997 ulagyny, 12 gämi we ýokary tizlikli katerini we 390 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. Beýanatda şeýle hem ruslaryň atan 94 ganatly raketasynyň Ukrainanyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.  

Russiýanyň Goranmak ministrliginden 25-nji martda berilen beýanatda, Ukrainada 1351 rus esgeriniň ýogalandygy habar berilipdi.



Degişli Habarlar