Ýaponiýa Rus Nebitinden Ýüz Öwürer

Ýapon hökümeti, Russiýa goýlan ykdysady sanksiýalaryň çäginde rus nebitiniň alynmagyny gadagan etmegi meýilleşdirýär

1824414
Ýaponiýa Rus Nebitinden Ýüz Öwürer

Ýapon hökümeti, Ukrainadaky hüjümleri sebäpli Russiýa goýlan ykdysady sanksiýalaryň çäginde rus nebitiniň alynmagyny gadagan etmegi meýilleşdirýär.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida Fumio metbugata beren beýannamasynda G-7-ä agza ýurtlar bilen arkalaşykly hereket edýändiklerini we şol çäkde Russiýadan nebitiň alynmagyny gadagan etjekdiklerini belledi.

“Bu meselede karar kabul etmek diýseň kyn. Emma häzirki etapda esasy zat G-7-ä agza ýurtlar bilen arakalaşykly hereket etmek” diýen Kişida, Russiýanyň Uzak Gündogar sebitindäki nebit-gaz taslamalarynda “Ýaponiýanyň bähbitlerini gorajakdyklaryny” aýtdy.

Sakhalin-1 we Sakhalin-2 taslamalarynyň Ýaponiýanyň energetika howpsyzlygy taýdan möhümdigini nygtan Premýer-ministr Kişida, Russiýadan nebitiň satyn alynmagyny tapgyrlaýyn ýagdaýda bes etjekdiklerini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar