Müsürde terrorçylar bilen çaknyşyk boldy

Müsüriň Sinaý ýarymadasynda ýerleşýän Sues kanalynyň gündogarynda terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 11 esger ýogaldy, 5 esger ýaralandy

1823624
Müsürde terrorçylar bilen çaknyşyk boldy

Müsüriň goşunynyň Facebook hasabyndan berilen ýazmaça beýanata görä, Sues kanalynyň gündogaryndaky suw arassalaýyş desgasyna hüjüm guran terrorçylar bilen ýargly çaknyşyk boldy. 

Beýanatda ýaragly çaknyşykda 1-i ofiser 11 esgeriň ýogalandygy, 5 esgeriň bolsa ýaralanandygy habar berildi. 

Mundan başgada başdan geçirilen ýaragly çaknyşykdan soň Sinaý ýarymadasynda boşadylan sebitde terrorçylaryň gabaw astyna alynandygy mälim edildi. 

Berilen beýanatda Müsüriň Ýaragly güýçleriniň terrory dolulygyna ýok etmek bilen tagallalarynyň dowam edýändigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar