“Ukrainanyň Howa Güýçleriniň Su-25 we Mig-29 Kysymly uçarlaryny Urup Düşürdük”

Konaşenkow, Lugansk sebitinde Ukrainanyň howa güýçlerine degişli 1 sany Su-25 we 1 sany Mig-29 kysymly harby uçaryny urup düşürendiklerini habar berdi.

1823097
“Ukrainanyň Howa Güýçleriniň Su-25 we Mig-29 Kysymly uçarlaryny Urup Düşürdük”

 

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Lugansk sebitinde Ukrainanyň howa güýçlerine degişli 1 sany Su-25 we 1 sany Mig-29 kysymly harby uçaryny urup düşürendiklerini habar berdi.

Ukrainada rus hüjümleriniň dowam edýändigini nygtan Konaşenkow, Zaporožiýäniň Nowotawriçeskoýe etrabynyň golaýynda ýerleşýän Toçka-U taktiki raketaulgamynyň hem raketa bilen urlandygyny beýan edip, Ukrainanyň goşunlaryna degişli 10 harby pozisiýasy bilen harby-tehniki ulaglaryň hem-de harby birikmeleriň ýerleşýän ýerleriniň hatardan çykarylandygyny nygtady.

Rus harby howa taktiki birikmeleriniň uzakly gije 24 ukrain harby pozisiýasyny bombalandygyny beýan eden Konaşenkow, raketa birikmeleriniň Doneskde Nikiforowka etrapçasynyň golaýynda S-300 howa goranyşraketa ulgamyny, harby birikmeleriň we tehniki serişdeleriň ýerleşýän 5 zolagyny ýok edendigini aýtdy.

Konaşenkow; “Şu günli güne çenli ukrin goşunlaryna degişli 151 uçar, 112 dik uçar, 742 uçarmansyz howa ulagy, 290 howa goranyş ulgamy, 2,854 tank we sowutly ulag, 329 raketa atyjy ulgam, 1338 gaubisa we snarýad topy, 2,683 ýörite harby ulag ýok edildi” diýdi.



Degişli Habarlar