Russiýanyň Ukrainada guran hüjümlerinde 220 çaga ýogaldy

Ukrainada Russiýanyň goşunynyň guran hüjümlerinde 220 çaga ýogaldy, 406-dan gowrak çaga bolsa ýaralandy

1821716
Russiýanyň Ukrainada guran hüjümlerinde 220 çaga ýogaldy

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 24-nji fewraldan bäri dowam edýän söweşde asuda ilat ýitgileri çekilmäge dowam edilýär. 

Ukrainanyň Baş Prokuraturasyndan berilen beýanatda: "Russiýa Federasiýasynyň Ukrainadaky hüjümlerinde 626-dan gowrak çaga täsir ýetdi. Resmi maglumatlara görä 220 çaga ýogaldy we 406-dan gowrak çaga ýaralandy" diýip habar berildi. 

Beýanatda mundan başgada maglumatlaryň täze bolmandygy, halas edilen sebitlerdäki işleriň dowam edýändigi mälim edildi. 

Russiýanyň hüjümleriniň netijesinde 118-i dolulygyna ýumrulan jemi 1584 bilim ojagyna zyýan ýetdi. 

Düýn Odessa garşy guralan raketaly hüjümde bolsa 15 ýaşyndaky çaga ýogalypdy. 


Etiketkalar: #hüjüm , #çaga , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar