Afrikada Bugdaýyň Bahasy 60 Göterim Ýokarlady

Afrikanyň Galkynyş bankynyň Başlygy Akinwumi Adesina Russiýa-Ukraina söweşiniň başlamagyndan soň Afrikada bugdaýyň nyrhynyň 60 göterim ýokarlandygyny beýan etdi.

1818785
Afrikada Bugdaýyň Bahasy 60 Göterim Ýokarlady

Merkez Lagosda ýerleşýän “The Guardian” gazetiniň habar bermegine görä Adesina Nigeriýanyň döwlet Ýolbaşçysy Muhammed Buhari bilen geçiren duşuşygyndan soň materikde azyk ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin Afrikanyň Galkynyş bankynyň 1,5 milliard dollarlyk gyssaglyk azyk iş maksatnamasyny düzendigini habar berdi. Maksatnamanyň dolandyryjylar geňeşiniň garamagyna hödürlenendigini beýan eden Adesina, bankyň materikdäki daýhanlara bugdaý, mekge-jöwen we fasol ekmek üçin goldaw berjekdigini aýtdy.

24-nji fewraldan bäri dowam edýän söweşiň gysga möhletde bugdaýyň nyrhynyň 60 göterim ýokarlamagyna sebäp bolandygyny aýdan Adesina, çökgünligiň azyk önümçiligini 20 göterim azaldyp biljekdigini we 11 milliard dollara barabar azyk önümçiligi ýitgisiniň ýüze çykjakdygyny mälim etdi.

Materikde häzirki wagtda 25 ýurt import edýän bugdaýynyň üçden bir böleginden gowragyny adybir iki  ýurtdan alýan bolsa, käbir  ýurtlarda garaşlylyk 90 göterimden ýokary.



Degişli Habarlar