ABŞ Russiýany Terrorizme Goldaw Berýän Ýurtlaryň Sanawyna Goşarmy?

ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinken Russiýanyň terrorizme goldaw berýän ýurtlaryň sanawyna goşulyp, goşulmajakdygy boýunça degişli tehniki edaralariň iş alyp barýandygyny aýtdy.

1819633
ABŞ Russiýany Terrorizme Goldaw Berýän Ýurtlaryň Sanawyna Goşarmy?

Entoni Blinken Senatda geçirilen maslahatda 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi hakynda durup geçdi.

Blinken Respublikaçy senator Lindseý Granhamyn “Russiýany terrorizme goldaw berýän ýurtlaryň sanawyna goşmagy pikir edýäňizmi” diýlen soragyna; “Ony öwrenýäris, hukukçylarymyz onuň degişli kanuna laýyk gelip gelmeýändigini seljerýär. Emma meniň pikirimçe ruslaryn Ukrainany terrorlaşdyrýandygyna şübhäm ýok” diýip, jogap berdi.

Russiýanyň Siriýadan soň Ukrainada agyr ýitgi çekilmegine sebäp bolýandygyny beýan eden Graham bolsa, hökümetiň bu ugurda etjek başlangyjyna Senatyň doly goldaw berjekdigini we Russiýanyň terrorizme goldaw berýän ýurtlaryň sanawyna gaýtadan goşulmalydygyny beýan etdi.

Blinken bolsa Adalat ministrliginiň saklanan rus serişdeleriniň konfiskasiýa edilip edilmejekdigini öwrenýändigini beýan eden hem bolsa, giňişleýin maglmat bermedi.

Entoni Blinken resmi Moskwa birnäçe hepdäniň dowamynda goşmaça sanksiýalaryň goýuljakdygyny we Russiýa Ukrainada egilşik edýänçä sanksiýa tolkunynyň dowam etjekdigini nygtady.

 



Degişli Habarlar