“Blinken Bilen Ostiniň Ukraina Guran Sapary Biziň Üçin Diýseň Möhüm”

Zelenskiý, Entoni Blinken we Lloýd Ostin bilen Ukraina beriljek kömekler we Russiýa goýlan sanksiýalar hakynda pikir alyşandygyny aýtdy.

1817385
“Blinken Bilen Ostiniň Ukraina Guran Sapary Biziň Üçin Diýseň Möhüm”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, ýurdunda saparda bolan ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken we Goranmak ministri Lloýd Ostin bilen Ukraina beriljek kömekler we Russiýa goýlan sanksiýalar hakynda pikir alyşandygyny aýtdy.

Zelenskiý, Telegramdan beren habarnamasynda, Blinkeniň we Ostiniň Ukraina guran saparynyň ýurdy üçin diýseň möhümdigini belledi.

Ukraina berýän kömekleri üçin ABŞ-na sagbolsun aýdan Zelenskiý, “Blinken we Ostin bilen Ukraina berilýän goranyş we maliýe kömegi we Russiýa goýlan sanksiýalaryň göwrüminiň giňeldilmegi hakynda pikir alyşdyk” diýdi.



Degişli Habarlar