BMG-nyň Baş Sekretary Guterreş, Putin we Zelenskiý Bilen Duşuşar

Guterreş 26-njy aprelde Wladimir Putin, 28-nji aprelde bolsa Prezident Zelenskiý tarapyndan kabul ediler

1816772
BMG-nyň Baş Sekretary Guterreş, Putin we Zelenskiý Bilen Duşuşar

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin we Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen duşuşar

BMG tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, Guterreşiň hepdäniň başynda Russiýada saparda boljakdygy ýatladyldy.

Beýannamada, Baş sekretaryň Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen 26-njy aprelde geçirjek duşuşygyndan soň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin tarapyndna kabul ediljekdigi nygtaldy.

Kremliň metbugat geňeşçisi Peskow hem Guterreşiň 26-njy aprelde Putin we Lawrow bilen duşuşjakdygyny tassyklady.

BMG tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada bolsa, Baş sekretaryň Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba bilen 28-nji aprelde duşuşjakdygy, soň bolsa Prezident Zelenskiý tarapyndan kabul ediljekdigi bellenildi.

Guterreşiň mundan başgada ukrain halkyna berilýän ynsanperwer kömeginiň artdyrylmagy meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin BMG-nyň sebitdäki wekilleri bilen duşuşjakdygy ýatladyldy.

Guterreşiň 20-njy apelinde Russiýanyň we Ukrainanyň BMG-nyň ýanyndaky wekillerine hat ýazyp, Putin bilen Moskwada, Zelenskiý bilen bolsa Kiýewde duşuşmagy talap edendigi habar berlipdi.

 



Degişli Habarlar