Zelenskiý: "Dünýä Russiýanyň Hersondaky we Zaparožýadaky aksiýalaryna reaksiýa görkezmeli"

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý Russiýanyň goşunynyň Ukrainanyň Herson we Zaparožýe sebitlerindäki aksiýalaryna dünýäniň reaksiýa görkezmeginiň gerekdigini habar berdi

1813685
Zelenskiý: "Dünýä Russiýanyň Hersondaky we Zaparožýadaky aksiýalaryna reaksiýa görkezmeli"
ukrayna asker
Gostomel Ukrayna Rusya Savaşı1.jpg
Gostomel Ukrayna Rusya Savaşı.jpg
Gostomel Ukrayna Rusya Savaşı2.jpg

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, halka ýüzlenip eden çykyşynda, eýýäm 53-nji gün bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşiniň üstünde durup geçip: "Dünýä basyp alyjylaryň Ukrainanyň günortasyndaky Herson we Zaparožýa sebitlerindäki aksiýalaryna reaksiýa görkezmeli" diýip nygtady. 

Russiýanyň goşunynyň göz tussaglygyna alynan adamlara ezýet bermek üçin ýörite otaglar döredendigini aýdan Zelenskiý: "Ýerli ýolbaşçylarymyz we ünsleri özüne çeken jemgyýetleriň liderleri zamun alynýar. Mugallymlara garşy şantaž edilýär. Hormatly dynç alyşa çykan adamlaryň pensiýalary ellerinden alynýar. Ynsanperwer kömekler ogurlanýar. Adamlar açlyga sezewar edilýär" diýip habar berdi. 

Russiýanyň goşunynyň ýurdyň gündogarynda hüjüme geçmek üçin taýarlyk görýändigine ünsleri çeken Zelenskiý: "Sözüň doly manysynda Mariupoly ýok etmäge dowam edişleri ýaly, Donbassy ýok etmek isleýärler. Donetsk we Lugansk sebitlerini ýer ýüzünde pozmak isleýärler" diýip belledi. 

Zelenskiý bombaly hüjümlere sezewar galýan Harkow şäherinde soňky 4 günde 18 adamyň ýogalandygyny we 106 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi. 

Wladimir Zelenskiý talap eden ýaraglaryna 53 gün bäri garaşýandyklaryny beýan etdi. 

Käbir ýarag üpjünçilikleriniň maý aýynda başlap biljekdigi bilen bagly formulany tankyt eden Zelenskiý: "Açyk ýagdaýda aýtmak isleýärin. Ýarag üpjünçiligindäki gijä galynma, her syýasy uzatma, Russiýanyň ukrainalylaryň janyny almak üçin rugsatdyr" diýip nygtady. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar