3 Rus Zenany Ukaina Goldaw Bermek Üçin Açlyk Yglan Etdi

3 rus zenan, Ukraina goldaw bermek üçin Russiýanyň Berlindäki ilçihanasynyň ýerleşýän köçesinde açlyk yglan etdi.

1813532
3 Rus Zenany Ukaina Goldaw Bermek Üçin Açlyk Yglan Etdi

Germaniýanyň paýtagty Berlinde 3 rus zenan, Ukraina goldaw bermek üçin Russiýanyň Berlindäki ilçihanasynyň ýerleşýän köçesinde açlyk yglan etdi.

Russiýanyň Berlindäki ilçihanasynyň ýerleşýän ýeri bolan Unter den Linden köçesinde çadyr guran Polina Oleinikowa, Polina Kwaitoskaia we Elena Malyşewa, Ukrainadaky söweşe ünsi çekmek üçin üç günlük açlyk yglan etdi.

Iki gijäni çadyrda geçiren we söweşiň bes edilmegini talap eden zenanlar, çadyryň daş-töweregine fotosuratlar we ýazgylar ýerleşdirip ýoldan geçenlere söweşde çekilen ýitgileri gürrüň berýär.

 



Degişli Habarlar