Russiýa ABŞ-na nota berdi

Russiýanyň Ukrainanyň goşunyny ýarag bilen üpjün edýändigi üçin ABŞ-na nota berendigi mälim edildi

1813163
Russiýa ABŞ-na nota berdi

ABŞ-nyň CNN telewideniýesiniň ABŞ-nyň 2 aýry resmisine esaslanyp beren habarynda, Russiýanyň bu hepde ABŞ-nyň Ukrainanyň goşunyna berýän ýarag kömegini resmi ýagdaýda protest edendigi we Daşary işler ministrligine şol goldawyň dowam eden halatynda garaşylmadyk netijeleriň başdan geçirilip bilinjekdigi barada diplomatik nota ugradandygy öňe sürüldi.

"Demarş" hökmünde häsýetlendirilýän notanyň, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Ukrainanyň goşunyna düzüminde dikuçarlar, radar ulgamlary, toplar we uçarmansyz howa ulaglary bolan jemi 800 million dollarlyk kömek bukjasyny aýan etmeginden soň berilmegi ünsleri özüne çekdi.

Russiýanyň protestlerine garamazdan ABŞ-nyň Ukraina berýän ýarag goldawynyň azaldylmajakdygy beýan edildi.

Pentagon Ukrainanyň söweşe dowam etmegi üçin zerur bolan ulgamlaryň we ýaraglaryň görnüşleriniň önümçiligini nähili artdyrjakdygyny maslahatlaşmak üçin bu hepde goranyş kärhanalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçiripdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy. 


Etiketkalar: #nota bermek , #ABŞ , #Russiýa

Degişli Habarlar