“Ýurduň Demirgazygynda Her Gün Azyndan Müňe Golaý Partlaýjy Maddasy Täsirsiz Ýagdaýa Getirilýär”

Zelenskiý, Ukrainanyň demirgazygynda mina saplaýyş işleriniň dowam edýändigini belledi.

1810879
“Ýurduň Demirgazygynda Her Gün Azyndan Müňe Golaý Partlaýjy Maddasy Täsirsiz Ýagdaýa Getirilýär”
Buça Ukrayna2.jpg
Buça Ukrayna1.jpg
Zelenskiy Ukrayna Buça1.jpg

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, rus güýçleriniň ýurduň demirgazygyndan çekilýärkä bilkastlaýyn köp sanly partlaýjy maddasyny goýup gidendigini we munyň harby jenaýat hökmünde kabul edilmelidigini aýtdy.

Zelenskiý, söweşiň 47-nji gününde beren wideo ýüzlenmesinde, rus esgerlerinden halas edilen Ukrainanyň demirgazygynda mina saplaýyş işleriniň dowam edýändigini belledi.

Ýurduň demirgazygynda her gün azyndan müňe golaý partlaýjy maddasynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini ýatladan Zelenskiý, “Basypalyjylar, her ýere mina goýupdyr. Bilkastlaýyn ýagdaýda köçelere, öýlere, ulaglara mina goýupdyrlar”diýdi.

Zelenskiý, rus güýçleriniň hüjümleri sebäpli ýurdunyň dünýäniň iň köp minaly sebitlerinden biri ýagdaýyna gelendigine ünsi çekdi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý “Ruslaryň basyp alan ýerlerini minalar bilen doldurmagy harby jenaýat hökmünde kabul edilmeli. Sebäbi ýurdumyzdan çekilenden soň hem bilkastlaýyn ýagdaýda köp sanly adamy öldürmek ýada ýaralamak üçin her ýere mina goýupdyrlar” diýdi.

Russiýanyň Mariupolda himiki ýarag ulanyp biljekdigini beýan edendigine ünsi çeken Zelenskiý “Biz bu meselä uly ähmiýet berýäris. Bu rus hüjümlerine has güýçli garşylyk görkezilmelidigini görkezýär” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar