Russiýanyň Ukrainadaky hüjümleri dowam edýär

Ukrainanyň Harkow şäheriniň häkimi Igor Terehow, Russiýanyň bombaly hüjümlerini artdyrandygyny we hüjümlerde 1 çaganyň ýogalandygyny habar berdi

1811031
Russiýanyň Ukrainadaky hüjümleri dowam edýär

Igor Terehow, beren wideo ýüzlenmesinde, söweşiň 47-nji gününiň Harkow üçin kyn bir gündügini beýan etdi.

Şäherdäki ýaşaýyş zolaklary bilen infrastrukturanyň we Gorkiý seýilgähiniň bombalanandygyny aýdan Terehow: "Gynansagam ýaralanan raýatlarymyz bar we iň erbedem 1 çaga ýogaldy" diýip mälim etdi.

Ukrainanyň Baş ştaby bolsa Russiýanyň Donetsk we Lugansk sebitlerini dolulygyna basyp almak meýilnamasyndan ýüz öwürmändigini habar berdi.

Ukrainanyň Baş ştabynyň Facebook hasabyndan berilen beýanatda, Ukrainanyň goşuny bilen halkynyň  rus harby basyp alyşlygyna garşy gahrymanlarça direnmegini 47 gün bäri dowam etdirýändigi aýan edildi. 

Russiýanyň harby güýçleriniň Mariupol şäheriniň käbir ýerlerinde hüjüm ediji operasiýalaryny dowam etdirendigi bellenen beýanatda: "Duşman Donetsk we Lugansk sebitlerini dolulygyna basyp almak meýilnamasyndan ýüz öwürmeýär" diýip nygtaldy.

Beýanatda rus esgerleriň köp nilli raketa ulgamlary bilen Harkow şäherine hüjüm gurandygy bellenip: "Rus harby birikmeler Herson şäherinde we onuň golaýynda ýaşaýan raýatlara garşy psihiki ýaramaz täsir ýetirmek üçin işler alyp barýar. Russiýanyň toslama harby operasiýasyny öz hakykatlary bilen düşündirýän kagyzlary paýlaýar" diýip mälim edildi. 

Esasan hem harby birikmelerindäki ýitgileriniň öwezini dolmak üçin Lugansk sebitinde 65 ýaşdan kiçi erkek adamlar üçin umumy mobilizasiýa yglan edilendigi bellenen beýanatda: "Rus esgerler şol ýaş aralygyndaky adamlary tapmak we zor bilen harby bellige aldyrmak üçin döwlet binalary bilen fabriklerde operasiýa geçirýär" diýip aýan edildi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar