ÝP, Ukrainaly Bosgunlary Kabul Eden Ýewropa Ýurtlaryna 3,4 Milliard Ýewrolyk Ýardam Berer

Ukrainaly bosgunlary kabul eden ÝB-ne agza ýurtlara 3,4 milliard ýewrolyk ýardam berilmegini göz öňünde tutýan karar 549 ses bilen kabul edildi.

1809247
ÝP, Ukrainaly Bosgunlary Kabul Eden Ýewropa Ýurtlaryna 3,4 Milliard Ýewrolyk Ýardam Berer

Ýewropa Parlamenti, Ukrainaly bosgunlary kabul eden ÝB-ne agza ýurtlara 3,4 milliard ýewrolyk ýardam berilmegini göz öňünde tutýan karary tassyklady.

Fransiýanyň Strazburg şäherinde geçirlen Ýewropa Parlamentiniň Baş Assambleýasynda, Russiýanyň 24-nji fewralda başladan söweşi sebäpli ýurduny terk eden ukrainaly bosgunlary kabul eden ÝB-ne agza ýurtlara 3,4 milliard ýewrolyk ýardam berilmegini göz öňünde tutýan karar 549 ses bilen kabul edildi.

Karara 1 halk deputaty “garşy” ses berdi. 8 halk deputaty bolsa ses bermekden saklandy.

Ukraina goňşy ÝB-ne agza Wengriýa, Polşa, Ruminiýa we Slowakiýa bilen ilatlarynyň 1 göterimden gowrak bosguny kabul eden Awstriýa, Bolgariýa, Çeh Respublikasyna we Estoniýa gysga wagtda maliýe kömegi berler.

 



Degişli Habarlar