Ukraina-Russiýa söweşi sebäpli 167 ukrainaly çaga ýogaldy

Russiýanyň goşunynyň Ukraina garşy söweş başlatmagyndan bäri ukrainaly 167 çaga ýogaldy, 279 çaga bolsa ýaralandy

1808239
Ukraina-Russiýa söweşi sebäpli 167 ukrainaly çaga ýogaldy

Ukrainanyň Baş prokuraturasyndan berilen beýanatda, Russiýanyň goşunynyň bombaly hüjümlerinde 927 bilim ojagyna zeper ýetendigi, şolaryň 83-siniň dolulygyna ýumrulandygy habar berildi. 

Beýanatda Russiýanyň hüjümleriniň başlan güni bolan 24-nji fewraldan bäri dowam edýän söweşde 167 çaganyň ýogalandygy, 279 çaganyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 


Etiketkalar: #hüjüm , #çaga , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar