Nigeriýada Ýolagçy Otlularyny Harby Uçarlar Gorar

Nigeriýanyň Ulaglar ministri Rotimi Amaeçi 28-nji martda ýurduň Kaduna welaýatynda ýolagçy gatnadýan otla guralan bombaly hüjümde ýaralananlary baryp gördi.

1805571
Nigeriýada Ýolagçy Otlularyny Harby Uçarlar Gorar

Amaeçi hassahanada beren beýanatynda mundan beýläk paýtagt Abuýa-Kaduna ýolagçy otlularyny howa güýçleriniň harby uçarlarynyn gorajakdygyny aýtdy.

Ýaragly adamlar 28-nji mart güni agşam Kaduna welaýatynyň İgabi etrabyndaky Rigasa otly bekedinde ýolagçy otlusyna bombaly hüjüm gurapdy.

Hüjümden soň otludaki 362 ýolagçydan 8 sanysynyň jesedi tapylypdy, 46 adam ýaralanypdy, käbir adamlar bolsa zamun alynypdy.

Hüjüm sebäpli paýtagt Abuýa-Kaduna gatnawy wagtlaýynça bes edilipdi.



Degişli Habarlar