Zelenskiý Ukrainadaky Soňky Ýagaýlar Hakynda Maglumat Berdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý rus goşunlarynyň Kiýewden we Çergygewden çekilendigi hakyndaky habarlara ünsi çekip; “Şol bir wagtda-da Donbassda täze hüjümler üçin rus goşunlarynyň taýýarlyk görýändigini görýäris” diýdi.

1804919
Zelenskiý Ukrainadaky Soňky Ýagaýlar Hakynda Maglumat Berdi

Zelenskiý wideo ýüzlenmesinde ukrain halkynyň Russiýa garşy “watanperwerlik söweşini” alyp barýadnygyny we şonuň üçin ýurduň territoriýasy bilen Gara deňiz sebitinde adalat ýola goýulýança elinden geleni etjekdigini aýtdy.

24-nji fewralda Ukraina hüjüme başlan rus goşunlarynyň Kiýewden we Çernygewden çekilendigi hakyndaky habarlara ünsi çeken Zelenskiý; “Onuň yza çekilme däl, eýsem esgerlerimiziň tagallalarynyň netijesidigini bilýäris. Emma şol bir wagtda-da Donbassda täze hüjümler üçin rus goşunlarynyň taýýarlyk görýändigini görýäris” diýdi.

Wladimir Zelenskiý soňky 24 sagadyň diplomatik taýdan depginli günlerden biri bolandygyny, esasanda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen giň gerimli söhbetdeşlik geçirendiklerini beýan etdi.

Telefon söhbetdeşliginde ABŞ-na soňky 1 milliard dollarlyk ynsanperwder kömek we goşmaça 500 million dollarlyk gönüden býujet kömegi üçin sagbolsun aýdandygyny beýan eden Zelenskiý; “Prezident Baýdene Ukraina nämäniň gerekdigini aýtdym. Hazirki wagtda bir öwrülşik nokadyna geldik. ABŞ-nyň goldawy prinsip taýdan biziň üçin möhüm” diýdi.

Ukrainanyň Lideri şeýle hem ýurdunyň daşary ýurtlardaky wekilhanasynyň diplomatik tagallalaryny güýçlendirmelidigini nygtap; “Ukrainanyň gelejegini halas etmek üçin mobilizlenenler bar. Olaryň ählisine minnetdarlyk bildirýäris. Emma gynansagam diňe wezipeden galmak üçin ofisde oturýanlar hem bar” diýdi.

Ukrainanyň Marokkodaky İlçisiniň yzyna çagyrylmagy hakyndaky permana gol çekendigini we mundan ozal Gruziýadaky İlçiniň hem ýurda çagyrylandygyny ýatladan Zelenskiý; “Goýulýan sarpa garamazdan ýarag, çäklendirme we Russiýa garşy haýsydyr bir çäklendirme bolmajak bolsa haýyş edýän başga iş gözläň” diýdi.



Degişli Habarlar