Ispaniýa, Putine Berlen Şäheriň Altyn Açaryny Yzyna Aldy

Madridiň şäher mejlisi, 2006-njy ýylda Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putine berlen şäheriň altyn açaryny yzyna aldy.

1804335
Ispaniýa, Putine Berlen Şäheriň Altyn Açaryny Yzyna Aldy

Ispaniýanyň paýtagty Madridiň şäher mejlisi, 2006-njy ýylda Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putine berlen şäheriň altyn açaryny yzyna aldy.

Mejlisde geçirlen sese goýulşykda, aşa sagçy Woks partiýasyndan daşary ähli syýasy partiýalar, Putine berlen altyn açaryň yzyna alynmagy üçin ses berdi.

Woks partiýasynyň metbugat geňeşçisi Smit, buýsanjyň nyşanasy hökmünde berlen altyn açaryň Putine däl eýsem rus halkyna berlendigi sebäpli taslama garşy ses berendiklerini aýtdy.

Ukraina söweşi sebäpli Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putini ýazgarmakdan çetde duran aşa sagçy Woks partiýasynyň tutumy, ähli syýasy partiýalar tarapyndan tankyt edildi.

Beýleki tarapdan Polşa, Russiýadan alynýan kömürüň mukdarynyň azaldylmagy barada karar kabul etdi.

Rus esgerleriniň 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başlatmagyndan soň, Günbatarly ýurtlar Russiýa sanksiýa goýmaga dowam edýär.



Degişli Habarlar