ABŞ we Filippinler döwleti "Balikatan" türgenleşigini geçirýär

ABŞ-nyň we Filippinleriň gatnaşmagynda "Balikatan" (Egin-egine) türgenleşigi başladyldy

1802997
ABŞ we Filippinler döwleti "Balikatan" türgenleşigini geçirýär

Filippinleriň Luzon adasynda geçirilýän türgenleşige, ABŞ-dan 5 müň 100, Filippinlerden bolsa 3 müň 800 esger gatnaşýar. 

ABŞ-nyň harby resmisi Jeý Bargeron beren beýanatynda: "Filippinler we alýansymyz Hindi-Ýuwaş umman sebitinde möhüm güýç we durnuklylyk çeşmesi bolmaga dowam edýär" diýip belledi. 

Filippinleriň harby resmisi Ramon Zagala hem türgenleşigiň ikitaraplaýyn goranyş maksatly geçirilýändigini, hüjüm maksatly geçirilmeýändigini mälim etdi. 

Soňky ýyllardaky iň uly harby türgenleşikleriň biri bolan "Balikatan" (Egin-egine) türgenleşiginiň, 8-nji aprele çenli dowam etjekdigi habar berildi. 



Degişli Habarlar