Günbatarlylar Russiýa Garşy Ähli Taraplaýyn, Gibrit Söweş Yglan Etdi…

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow günbatar ýurtlarynyň Russiýany ýok etmek isleýändigini beýan etdi.

1801966
Günbatarlylar Russiýa Garşy Ähli Taraplaýyn, Gibrit Söweş Yglan Etdi…

Lawrow paýtagt Moskwada geçirilen Çarçakow adyndaky diplomat gaznasynyň maslahatynda çykyş etdi.

Sergeý Lawrow: “Günbatarlylar Russiýa garşy ähli taraplaýyn, gibrit söweş yglan etdiler” diýdi.

Ýewropadaky syýasatçylaryň “Gitler Germaniýadan” ulanylan “ähli taraplaýyn söweş” adalgasyny Russiýa üçin ulanýandyklaryny beýan eden Lawrow; “Günbatarlylar Russiýa garşy ähli taraplaýyn, gibrit söweş yglan etdiler. Maksatlary syr däl, rus ykdysadyýetini we Russiýany dolulygyna ýok etmek isleýändiklerini, boğmak isleýändiklerini açyk-aýdyň beýan etdiler” diýdi.

Russiýanyň izolirlenip bilinmejekdigine ünsi çeken Lawrow; “Dünýäniň çar tarapynda köp sanly dostumyz, ýaranymyz we hyzmatdaşymyz bar” diýdi.

Lawrow, günbatarlylaryň BMG-niň kararlaryny ugrukdyrmak üçin meçew beriji propoganda alyp barýandygyny nygtap; “Günbataryň daşyndaky dünýä ýurtlarynyň esasy bölegi bir taraply  oýnalýan oýuna girmek islemeýär. Ägirt uly basyş bar” diýdi.

Ukrainanyň hökümetiniň ýadro ýaragyny edinme işleğine alada bildirýändiklerini aýdan Lawrow; “Şonuň ýaly hem Pentagonuň Ukrainadaky harby-biologik maksatnamasyny iş ýüzüne geçirmek üçin azyndan 36 sany laboratoriýa açmagyna hem alada bildirýäris” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar