Bangladeşde parom bilen ýük gämisi çakyşdy

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 4 adam ýogaldy

1798674
Bangladeşde parom bilen ýük gämisi çakyşdy

Bangladeşde ýük gämisi bilen çakyşan parom gämisiniň batmagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 4 adam ýogaldy. 

ANI News tarapyndan berilen habarlara görä, düzüminde azyndan 50 ýolagçysy bolan parom gämisiniň ýurduň paýtagty Dakka şäheriniň golaýyndaky Shitalakshya derýasynda çakyşdy. 

Wakada azyndan 4 adam ýogaldy, onlarça adam dereksiz ýitdi. 

Derýa polisiýa gullygy, flot we kenarýaka howpsuzlyk gullugy sebitde gözleg we halas ediş işlerini geçirýärler. 


Etiketkalar: #parom , #gämi , #Bangladeş

Degişli Habarlar