Uçar Heläkçiliginde 4 Adam Ýogaldy

Norwegiýada heläkçilige uçran NATO degişli harby uçardaky 4 adamyň ýogalandygy habar berildi.

1798312
Uçar Heläkçiliginde 4 Adam Ýogaldy

Norwegiýanyň demirgazygynda ýerleşýän Beiarn sebitinde heläkçilige uçran NATO degişli harby uçardaky 4 adamyň ýogalandygy habar berildi.

Bell Boeing W-22 kysymly harby uçaryň düýn ýerli wagt bilen 18.00-da Gold Response 2022 türgenleşiginiň çäginde heläkçilige uçrandygy nygtaldy.

Gözleg we halas ediş işlerinde uçaryň harabalygynyň tapylandygy we uçardaky ABŞ-nyň raýaty bolan 4 ekipažyň ýogalandygy bellenildi.


Etiketkalar: #NATO , #Norwegiýa , #harby uçar

Degişli Habarlar