Bolgariýa, Estoniýa we Latwiýa Rus Diplomatlaryny Ýurtdan Çykarýar

Bolgariýa bilen Russiýanyň arasynda soňky ýyllarda içalylyk krizisi dowam edýär.

1798229
Bolgariýa, Estoniýa we Latwiýa Rus Diplomatlaryny Ýurtdan Çykarýar

Bolgariýa, Russiýanyň ýurdundaky ilçihanasynda işleýän 10 diplomady “islenmeýän adam” hökmünde yglan etdi.

Bolgariýanyň Daşary işler ministrliginden berlen ýzmaça beýannamada, rus diplomatlaryna ýurdy terk etmekleri üçin 72 sagat möhlet berlendigi nygtaldy.

Bolgariýa bilen Russiýanyň arasynda soňky ýyllarda içaly krizisi dowam edýär.

 “Içalylyk awynyň” çäginde içalylyk edendigi sebäpli Bolgariýanyň 2019-njy ýyldan bäri ýurtdan çykaran diplomatlarynyň sany 20-ä ýetdi.

Beýleki tarapdan Estononiýa 3 rus diplomadyny ýurtdan çykardy, Latwiýa bolsa 3 rus diplomadyny “islenmeýän adam” hökmünde yglan etdi.



Degişli Habarlar